19-njy bap
Hudaýa şöhrat!
1 Soňra men gökde uly mähelläniň sesine meňzeş batly sesler eşitdim. Olar: «Hudaýa şan-şöhrat bolsun! Hudaý biziň Halasgärimizdir, şöhrat we gudrat Onuňkydyr. 2 Çünki Onuň hökümleri dogry, adyldyr: zynasy bilen dünýäni azdyran uly lolyny Ol höküm etdi, gullaryny öldüren loludan olaryň aryny aldy».
3 Mähelle ýene-de şeýle diýdi: «Hudaýa şan-şöhrat bolsun! Hawa, lolynyň tüssesi ebedi tütär!»
4 Ýigrimi dört ýaşuly, dört mahluk ýüzin düşüp: «Omyn! Hudaýa şan-şöhrat bolsun!» diýip, tagtda oturan Hudaýa sežde etdiler. 5 Onsoň tagtdan çykan bir ses şeýle diýdi: «Eý, Hudaýymyzyň ähli gullary, Ondan gorkýanlaryň uly-kiçi – ählisi, Oňa alkyş aýdyň!»
6 Soňra men bir uly mähelläniň sesine, ägirt uly ummanyň güwwüldisine, güýçli gök gürrüldisine meňzeş sesler eşitdim. Olar şeýle diýýärdiler:
«Hudaýa şan-şöhrat bolsun!
Çünki Rebbimiz Hökmürowan Hudaý
hökmürowanlyk sürüp başlady!
7 Geliň, begeneliň hem şatlanalyň!
Ony şöhratlandyralyň!
Çünki Guzynyň toýy başlanýar,
Onuň gelinligi hem taýýar bolup dur:
8 Oňa beslenmäge nepis, parlak,
päk zygyrdan lybas berildi».
Bu lybas Hudaýyň halkynyň dogry işleridir. 9 Onsoň perişde maňa şeýle diýdi: «Şulary ýaz: Guzynyň nika toýuna çagyrylanlar bagtlydyr!» Ol sözüni dowam edip: «Ine, bular Hudaýyň hakyky sözleridir» diýdi. 10 Men perişdä sežde etmek üçin, onuň aýaklaryna ýykyldym. Emma ol maňa şeýle diýdi: «Ýok, maňa sežde etme! Men hem sen we Isa barada şaýatlyk edýän doganlaryň ýaly Hudaýyň bir guludyryn. Diňe Hudaýa sežde et! Isa barada şaýatlyk edýänler pygamberlik ruhuna eýe bolýandyrlar».
Ak atly
11 Soňra men açylan gögi we ol ýerde duran bir ak aty gördüm. Aty münüp oturan Sadyk we Hakykat diýip atlandyrylýardy. Ol adyl höküm çykarýandyr we adalatly söweşýändir. 12 Onuň gözleri ot ýaly ýanýardy, başynda hem birtopar täji bardy. Onuň maňlaýyna Onuň ady ýazylgydy, ýöne bu ady Özünden başga hiç kim bilýän däldir. 13 Onuň egnindäki dony gana boýalandy. Bu ak atly «Hudaýyň Sözi» diýlip atlandyrylýardy. 14 Nepis, ap-ak we tämiz zygyra beslenen gökdäki goşun ak atlara atlanyp, Onuň yzyndan gelýärdi. 15 Milletleri urmak üçin, Onuň agzyndan kesgir bir gylyç çykyp durdy. Ol olary demir hasasy bilen dolandyrar. Ol şerap sykylýan çukurda Hökmürowan Hudaýyň gazaply gaharynyň şerabyny sykýar. 16 Onuň donunda we budunda «ŞALARYŇ ŞASY, TAŇRYLARYŇ TAŇRYSY» diýen at ýazylgydy. 17 Onsoň men Günüň üstünde duran bir perişdäni gördüm. Ol gökde uçup ýören guşlaryň ählisine batly sesi bilen gygyryp, şeýle diýdi: «Geliň, Hudaýyň uly meýlisine geliň! 18 Patyşalaryň, müňbaşylaryň, güýçli söweşijileriň läşini, atlaryň we atlylaryň läşini, erkinleriň we gullaryň läşini, kiçileriň we ulularyň läşini iýmäge toplanyň!» 19 Onsoň men jandary, dünýä patyşalaryny we olaryň goşunlaryny gördüm. Olar ata atlanyp Oturan we Onuň goşunlary bilen söweşmek üçin üýşüpdirler. 20 Emma jandar we onuň bilen bile galp pygamber ýesir alyndy. Bu galp pygamber jandaryň adyndan alamatlar görkezerdi, jandaryň tagmasyny özüne basdyryp, onuň heýkeline sežde edenleri aldardy. Jandar-da, galp pygamber-de diriligine ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy. 21 Galanlary bolsa ata atlanyp Oturanyň agzyndan çykan gylyç bilen öldürildiler. Guşlaryň hemmesi bularyň läşinden doýdy.