15‑nji bap
Ýedi perişde we ýedi bela
1 Şondan soň men gökde ýene bir uly we täsin alamat gördüm: gökde ýedi perişde, hersiniň elinde bolsa bir bela bardy. Bu belalar soňky belalar bolup, olar Hudaýyň gazabyny soňlaýardylar. 2 Men ot bilen garyşyk, çüýşeden ýasalan deňiz ýaly bir zat gördüm. Onuň üstünde jandary, onuň heýkelini*, adyny aňladýan sany ýeňenler durdy. Olaryň ellerinde Hudaýyň beren arfalary bardy. 3 Olar Hudaýyň guly Musanyň we Guzynyň aýdymyny aýdýardylar:
«Ýa Reb Hökmürowan Hudaý!
Seniň işleriň beýik, täsindir.
Eý, milletleriň Şasy*!
Seniň ýollaryň dogry we hakdyr.
4 Ýa Reb, Senden gorkmajak barmy?
Adyňa şöhrat aýtmajak barmy?
Çünki mukaddes ýeke-täk Sensiň!
Ähli milletler huzuryňa gelerler,
olar Saňa sežde ederler.
Çünki adalatly hökümleriň aýan boldy».
5 Mundan soň gökdäki ybadathananyň, ýagny äht çadyrynyň açylanyny gördüm. 6 Ybadathanadan ýedi belany getirýän ýedi perişde çykdy. Olaryň egninde tämiz, ap-ak zygyr lybaslar, billerinde bolsa altyndan guşaklary bardy. 7 Dört mahlugyň biri ýedi perişdä baky ýaşaýan Hudaýyň gazabyndan doly ýedi altyn käse berdi. 8 Ybadathana Hudaýyň şöhratynyň, gudratynyň tüssesinden doldy. Ýedi perişdäniň ýedi belasy tamamlanýança, hiç kim ybadathana girip bilmedi.