7‑nji bap
Möhürlenen 144000 adam
1 Şundan soň ýeriň dört burçunda duran dört perişdäni gördüm. Olar ýer ýüzüne, deňze ýa-da agaçlara öwüsmesin diýip, ýeriň dört tarapyndaky ýelleri saklap durdular. 2 Olara ýere, deňze zyýan ýetirmeklik ygtyýary berlipdi. Soňra gündogardan ýokary çykyp barýan perişdäni gördüm. Onda Diri Hudaýyň möhüri bardy. Ol şol dört perişdä batly gygyryp, şeýle diýdi: 3 «Biz Hudaýymyzyň gullarynyň maňlaýyna möhür basýançak, ýere, deňze we agaçlara zyýan ýetirmäň!» 4 Men möhürlenenleriň sanyny eşitdim. Ysraýyl halkynyň ähli tirelerinden bir ýüz kyrk dört müň adam möhürlenendi:
5 Ýahuda tiresinden on iki müň adam,
ruben tiresinden on iki müň adam,
gat tiresinden on iki müň adam,
6 aşer tiresinden on iki müň adam,
naftaly tiresinden on iki müň adam,
manaşa tiresinden on iki müň adam,
7 şimgon tiresinden on iki müň adam,
lewi tiresinden on iki müň adam,
ysakar tiresinden on iki müň adam,
8 zebulun tiresinden on iki müň adam,
ýusup tiresinden on iki müň adam,
benýamin tiresinden on iki müň adam.
Ak lybasa beslenen mähelle
9 Mundan soň her milletden, her halkdan, her tireden, her dilden bolan, hiç kimiň sanap bilmejek ägirt mähellesiniň tagtyň we Guzynyň öňünde duranyny gördüm. Olar ak lybasdadylar we ellerinde palma agajynyň şahalary bardy. 10 Olar batly ses bilen gygyryp: «Tagtda oturan Hudaýymyz we Guzy biziň Halasgärimizdir» diýýärdiler. 11 Tagtyň, ýaşulularyň we dört mahlugyň töweregindäki perişdeleriň ählisi ýüzin düşüp, Hudaýa sežde etdiler. 12 Olar şeýle diýýärdiler:
«Omyn!
Hudaýymyza öwgi, şan-şöhrat bolsun!
Oňa paýhas, şükürler, hormat, gudrat we kuwwat
ebedilik ýar bolsun!
Omyn!»
13 Onsoň ýaşululardan biri menden: «Bu ak lybasa beslenenler kim, nireden gelipdirler?» diýip sorady. 14 Men: «Muny sen bilýänsiň, agam!» diýip jogap berdim. Ýaşuly: «Bular şol agyr muşakgatlary başdan geçirenler. Olar öz lybaslaryny Guzynyň gany bilen ýuwup, olary ap-ak etdiler. 15 Şoňa görä, olar Hudaýyň tagtynyň öňünde bolup, gije-gündiz Onuň ybadathanasynda Oňa hyzmat edýärler. Tagtda Oturan olary Öz penasynda saklaýar. 16 Olar indi asla ajykmazlar, asla suwsamazlar, olary gün urmaz, jöwza-da ýakmaz. 17 Çünki tagtyň ortasynda duran Guzy olary bakar, olary ýaşaýyş suwunyň gözbaşlaryna äkider. Hudaý olaryň gözýaşlarynyň her damjasyny süpürer».