2‑nji bap
1 Eziz balalarym! Men size şulary günä etmezligiňiz üçin ýazýaryn. Emma kimdir biri günä etse, Atanyň huzurynda aklawçymyz Isa Mesih bar, Ol adyldyr. 2 Ol biziň üçin gurban boldy. Hudaý Ol arkaly biziň günälerimizi, diňe biziň däl, eýsem, bütin dünýäniň günälerini bagyşlady. 3 Eger Hudaýyň buýruklaryny berjaý edýän bolsak, onda Ony tanaýandygymyzy mälim edýäris. 4 «Hudaýy tanaýaryn» diýibem, Onuň buýruklaryny berjaý etmeýän adam ýalançydyr, onda hakykat ýokdur. 5 Emma Hudaýyň sözüni berjaý edýän adamda Onuň söýgüsi hakykatdanam kämildir. Ine, biz Hudaý bilen ýaşaýandygymyzy şeýdip bilýäris. 6 «Men Hudaýa sygynyp ýaşaýaryn» diýýän adam Isa Mesihiň ýaşaýşy ýaly ýaşamalydyr.
7 Mähribanlarym, men size täze buýruk däl-de, ilkibaşdan berlen köne buýrugy ýazýaryn. Bu köne buýruk siziň öňki eşiden sözüňizdir. 8 Emma meniň size ýazýan bu buýrugyma täze diýseň hem bolar, sebäbi bu buýrugyň hakykaty Mesihde we sizde aýan bolýar. Çünki tümlük ötüp barýar, hakyky nur bolsa eýýäm parlaýandyr. 9 Özüniň nurda ýaşaýandygyny aýdyp-da, doganyny ýigrenýän adam henizem tümlükdedir. 10 Doganyny söýýän adam nurda ýaşaýandyr, onda büdremäge sebäp bolup bilmez. 11 Ýöne kim doganyny ýigrenýän bolsa, ol tümlükdedir. Ol tümlükde gezip, nirä barýanyny bilýän däldir, sebäbi tümlük onuň gözlerini kör edendir.
12 Eý, balalar, size ýazýaryn: Mesihiň hatyrasyna günäleriňiz bagyşlandy. 13 Eý, atalar, size ýazýaryn: siz owal-başdan aýan bolan Isany tanaýarsyňyz.
Eý, ýigitler, size ýazýaryn: siz şeýtany ýeňdiňiz.
14 Eý, balalar, size ýazýaryn: siz Atamyz Hudaýy tanaýarsyňyz. Eý, atalar, size ýazýaryn: siz owal-başdan aýan bolan Isany tanaýarsyňyz.
Eý, ýigitler, size ýazýaryn: siz güýçlüsiňiz, Hudaýyň sözi kalbyňyza ornandyr. Siz şeýtany ýeňdiňiz.
15 Dünýä we ondaky zatlara köňül bermäň. Dünýäni söýýän adamda Atanyň söýgüsi ýokdur. 16 Sebäbi dünýädäki ähli zatlar: günäli höwesler, açgözlük we baýlyk bilen magtanmak Atadan däldir, dünýädendir. 17 Dünýä we onuň höwesleri geçer gider, emma Hudaýyň yradasyny berjaý edýän adam baky ýaşar.
Mesihe garşy taglymat barada duýduryş
18 Eý, balalar, bu dünýäniň ahyrky günleri ýetip gelendir. Siz Mesihiň duşmanynyň geljekdigini eşidensiňiz. Hut şu wagt hem Mesihe garşy çykýanlaryň ençemesi peýda boldy. Ine, bu wakalardan biz dünýäniň ahyrky günleriniň ýetip gelendigini bilýäris. 19 Olar biziň aramyzdan gitdiler, aslynda-da bize degişli däldiler. Degişli bolsadylar, biziň aramyzda galardylar. Emma çykyp gitmekleri olaryň hiç biriniň bize degişli däldigini äşgär etdi. 20 Siziň hemmäňiz bolsa hakykaty bilýänsiňiz*, çünki Isa Mesih size Mukaddes Ruhy berdi. 21 Men size hakykaty bilmeýändigiňiz üçin däl-de, eýsem, ony hut bilýändigiňiz üçin ýazýaryn, sebäbi hiç bir ýalanyň hakykat bilen umumylygy ýokdur. 22 Onda ýalançy kim? Isanyň Mesihdigini inkär edýän adam ýalançydyr. Ol Mesihiň duşmanydyr! Ol Atany-da, Ogly-da inkär edýär. 23 Ogly inkär edýän adamda Ata ýokdur. Emma Ogly ykrar edýän adamda welin Ata bardyr.
24 Goý, siziň ilkibaşdan eşiden sözüňiz kalbyňyzda ornasyn. Şonda siz Ogul bilenem, Ata bilenem ýaşarsyňyz. 25 Çünki Mesih bize baky ýaşaýşy wada berdi. 26 Bu zatlary sizi azdyrjak bolýan adamlardan habardar bolmagyňyz üçin ýazdym.
27 Emma Mesihiň size beren Mukaddes Ruhy özüňizde galýandyr, size öwretmegiň geregi ýok. Mukaddes Ruhuň size öwredýän her bir zady ýalan däl-de, hakykatdyr. Onuň size öwredişi ýaly, Mesih bilen ýaşamalysyňyz. 28 Indi, eý, balalar, Mesih gelende ynamymyz bolup, Onuň huzurynda utanmaz ýaly, Onuň bilen ýaşalyň. 29 Siz Mesihiň adyldygyny bilýänsiňiz, şonuň üçin adalaty berjaý edýän her bir ynsan Hudaýyň perzendidir.