11‑nji bap
Hudaýa sadyk galanlar
1 Indi şuny soraýyn: eýsem Hudaý Öz halkyny ret edäýdimikä? Elbetde, ýok! Men-de Ybraýymyň neslinden, benýamin tiresinden bolan ysraýyllaryň biridirin. 2 Hudaý Özüniň ezelden saýlap-seçen halkyny ret edenok. Ýa-da Mukaddes Ýazgylarda Ylýas pygamber barada ýazylanlar ýadyňyzda dälmi? Ol Hudaýa ysraýyl halky barada arz edip, şeýle diýýär: 3 ‡«Ýa Reb, ysraýyllar Seniň pygamberleriňi öldürip, gurbanlyk sypalaryňy ýykdylar, ýeke men galdym. Olar janyma kast etmek üçin, indi meni yzarlap ýörler». 4 ‡Şonda Hudaý oňa näme jogap berdi? Hudaý: «Men Ysraýylda Bagal butuna sežde etmedik ýedi müň adamy Özüme aýryp goýdum» diýdi. 5 Şonuň ýaly häzirki wagtda hem Hudaýa sadyk galanlar bar. Olar Hudaýyň merhemetine görä saýlananlardyr. 6 Merhemete görä saýlanan bolsalar, onda ynsan işlerine görä saýlanan däldir. Ýogsa merhemet merhemet bolmazdy.*
7 Indi näme? Ysraýyl halky dogrulyga ymtylsa-da, oňa ýetip bilmedi. Oňa diňe saýlanyp-seçilenler ýetdi, galanlary bolsa öz doň ýürekleriniň ygtyýaryna tabşyryldy. 8 ‡Mukaddes Ýazgylarda olar barada şeýle ýazylgydyr:
«Hudaý olary agyr uka batyrdy,
olara görýän göz,
eşidýän gulak bermedi».
9 ‡Dawut hem olar barada şeýle diýýär:
«Olara öz saçagy gapan we duzak bolsun,
büdreme daşy we aljak jezasy bolsun.
10 Goý, gözleri garaňkyrasyn, görüp bilmesin,
billeri ömürlik bükülip galsyn».
Sapylan baldaklar
11 Onda şeýle sorag ýüze çykýar: eýsem ýahudylar gaýdyp galmaz ýaly ýykylaýdylarmyka? Elbetde, ýok! Hawa, olar Isa Mesihi ret etdiler, ýöne olaryň bu günäsi beýleki milletleriň halas edilmegine sebäp boldy. Beýleki milletleriň halas edilmegi bolsa ýahudylaryň gabanjaňlygyny oýarmalydy. 12 Hawa, ýahudylaryň bu günäsi bütin dünýäniň ýalkanmagyna sebäp boldy. Olaryň bu günäsi başga milletler üçin bähbitli boldy. Eger olaryň günäsi şeýle ýalkanyşy getiren bolsa, onda tutuş Ysraýyl Hudaýa dolananda, bu ýalkanyş gör bak nähili bolar!
13 Indi bolsa size, ýagny ýahudy dällere ýüzlenýärin. Hudaý meni resullyga belläp, size Hoş Habary wagyz etmäge iberdi. Men muňa diýseň buýsanýaryn. 14 Şunuň bilen birlikde siz arkaly öz ildeşlerimiň gabanjaňlygyny oýaryp, olardan käbiriniň halas bolmagyna ýardam ederin diýen umydym bar. 15 Hawa, Hudaý ysraýyl halkyny ret etdi. Onuň şeýle etmegi beýleki milletleriň hem Hudaý bilen ýaraşmagyna mümkinçilik berdi. Eger Hudaýyň ret etmesi beýleki halklara şeýle ýalkanyş getiren bolsa, onda Onuň ysraýyl halkyny gaýtadan kabul etmegi nämä ýetirer? Ölümden ýaşaýşa ýetirer! 16 Sebäbi Hudaýa hödür edilen çörek mukaddes bolsa, şol hamyrdan bişirilen beýleki çörekler hem mukaddesdir; eger bagyň köki mukaddes bolsa, onuň şahalary hem mukaddesdir.
17 Hawa, bagyň käbir şahalary döwlüp, ýabany zeýtunyň şahasy bolan siz oňa sapyldyňyz. Siz idedilip ýetişdirilen zeýtunyň köküniň şiresine şärik bolduňyz. 18 Şoňa görä-de, onuň döwlen şahalarynyň öňünde magtanmaň, sebäbi siz köki däl-de, kök sizi saklaýandyr. 19 Onda-da siziň: «Şahalar biziň sapylmagymyz üçin döwüldi» diýmegiňiz mümkin. 20 Siz mamla, ýöne olar imansyzlygy zerarly döwüldi. Siz bolsa iman arkaly dursuňyz. Şoňa görä, gopbamsyramaň-da, gaýtam gorkuň. 21 Sebäbi Hudaý bagyň öz şahalaryny gaýgyrmadyk bolsa, onda sizi, ýagny sapylan ýabany şahalary asla-da gaýgyrmaz. 22 Hudaýyň mähribanlygy we berkligi barada oýlanyň. Ol ýykylanlar üçin berkdir, siziň üçin bolsa mähremdir. Eger siz Onuň mähribanlygyna bil baglasaňyz, Ol hem size mährem bolar. Eger bil baglamasaňyz, siz hem kesilip taşlanarsyňyz. 23 Ýöne ýoldan çykanlar hem imansyzlyklaryndan el göterseler, täzeden sapylarlar. Sebäbi Hudaý olary baga sapmagy başarýandyr. 24 Eger siz ýabany zeýtun agajyndan kesilip, öz tebigy häsiýetleriňize garamazdan, idedilip ýetişdirilen zeýtuna sapylan bolsaňyz, onda asly bu bagdan bolan şahalar öz zeýtunyna has aňsat sapylar!
Tutuş Ysraýyl halas ediler
25 Eý, doganlar, siz tekepbirlige ýüz urmaz ýaly, şu syrdan habarly bolmagyňyzy isleýärin. Hudaý başga milletlerden saýlanlarynyň baryny halas edýänçä, käbir ysraýyllaryň ýüregi ýumşamaz. 26-27 ‡Çünki tutuş ysraýyl halky hut şeýle halas ediler. Mukaddes Ýazgylarda hem şeýle ýazylgydyr:
«Men Ýakup nesliniň günälerini bagyşlanymda,
olar bilen edýän ähtim, ine, şudur:
Siondan Halasgär geler,
Ol Ýakup neslinden hudaýsyzlygy aýrar».
28 Ysraýyl halky Hoş Habary kabul etmän, Hudaýa duşman boldy. Bu bolsa başga milletler, ýagny siziň üçin bähbitli boldy. Ýöne ysraýyl halky şonda-da Hudaýyň saýlap-seçen halkydyr. Hudaý olary ata-babalarynyň haky üçin söýýändir. 29 Çünki Hudaý beren peşgeşlerini yzyna almaýar, Öz çakylygyny ýatyrmaýar. 30 Siz hem birwagtlar Hudaýa tabyn däldiňiz. Emma ysraýyllaryň bitabynlygy arkaly Hudaýyň size merhemet edişi ýaly, 31 olar-da size edilen merhemete ýetjek bolup, Hudaýa tabyn bolmaýarlar. 32 Çünki Hudaý hemmelere merhemet etmek üçin, hemmeleri bitabynlygyň tussagy etdi.
33 Hudaýyň baýlygy, danalygy we bilimi ummasyzdyr! Onuň hökümlerini kim düşündirip biler? Onuň ýollaryna kim akyl ýetirip biler?
34 ‡«Rebbe kim akyl ýetirdi?
Kim Oňa maslahat berip bildi?
35 ‡Hudaý bergili bolar ýaly,
kim Oňa zat berdi?»
36 Hiç kim! Çünki bütin barlyk Hudaýdan bolup, Ol arkaly we Onuň üçindir!
Oňa baky şan-şöhrat bolsun! Omyn!