7‑nji bap
Kanundan azatlyk
1 Eý, doganlar, size Musanyň Kanunyny bilýän adamlar hökmünde ýüzlenýärin. Eýsem siz bu Kanunyň diňe diri adama öz hökümini ýöredýändigini bilmeýäňizmi näme? 2 Mysal üçin, ärli aýaly alyp göreliň. Ol äri dirikä, bu Kanun boýunça oňa baglydyr. Emma äri ölse, ol nika kanunyndan azatdyr. 3 Eger aýal äri dirikä başga birine durmuşa çyksa, bu zynahorlykdyr. Emma äri ölse, ol kanundan azatdyr, başga äre barsa hem zynahor däldir. 4 Eý, doganlarym, siz babatda hem şeýledir. Siz Isa Mesihiň haçdaky ölümi arkaly Musanyň Kanuny üçin ölüsiňiz. Hudaýa ýagşy işleriňiziň hasylyny getirer ýaly, siz indi başga Birine, ýagny ölümden direlen Isa Mesihe degişlisiňiz. 5 Biz ynsan tebigatymyza görä ýaşaýarkak, bu Kanun biziň beden agzalarymyzda günäli höwesleri oýarýardy. Bu höwesler bizi günäli işlere imrindirip, ölüme eltýärdi. 6 Emma biz özümizi tussaglykda saklan Kanun babatda ölüp, ondan azat edildik. Biz indi Kanuna tabyn bolan köne ýörelgä görä däl-de, eýsem Mukaddes Ruha eýerýän täze ýörelgä görä Hudaýa hyzmat edip bileris.
Musanyň Kanuny günäni äşgär edýär
7 ‡Onda näme, Musanyň Kanuny erbet bir zatmy? Elbetde, ýok! Ýöne bu Kanun bolmadyk bolsa, men günäniň nämedigini-de bilmezdim. Kanun: «Başganyň zadyna göz dikme» diýip buýurmadyk bolsa, men munuň günädigini hem bilmezdim. 8 Günä bolsa bu buýrukdan öz bähbidini arap, meni her tüýsli açgözlüge imrindirdi. Kanunyň bolmadyk ýerinde günä ölüdir. 9 Men Kanun berilmänkä diridim. Emma Kanun berlenden soň günä janlandy-da, 10 men öldüm. Hawa, maňa ýaşaýyş bermeli Kanun meniň ölmegime sebäp boldy. 11 Sebäbi günä Kanunyň buýrugyny tutaryk edinip, meni aldawa saldy-da, ol arkaly öldürdi. 12 Emma Kanun şonda-da mukaddesdir; onuň her bir buýrugy mukaddes, adalatly we oňatdyr.
13 Onda näme, oňat zat meniň ölmegime sebäp bolaýdymy? Elbetde, ýok! Meni oňat buýruklar arkaly günä öldürdi. Günäniň hakyky tebigaty hut şeýle aýan bolmalydy. Şeýdip, günäniň näderejede erbetdigi äşgär boldy. 14 Biz Musanyň Kanunynyň Hudaý tarapyndan berlendigini bilýäris. Men bolsa günäniň ýesirligindäki bir ejiz ynsandyryn. 15 Men öz edýänlerime özüm düşünemok, sebäbi halaýan zadymy etmän, ýigrenýän zadymy edýärin. 16 Eger men ýigrenýän zadymy edýän bolsam, onda bu Kanunyň oňatdygy bilen ylalaşýaryn. 17 Eger şeýle bolsa, onda edýänlerimi men däl-de, mende mesgen tutan günä edýändir. 18 Mende, hawa, ynsan tebigatymda oňat zadyň ýokdugyny anyk bilýärin. Sebäbi oňat işleri etmäge islegim bolsa-da, olary amal etmegi başarmaýaryn. 19 Men isleýän oňat işlerimi etmän, tersine, ýigrenýän erbet işlerimi edýärin. 20 Eger islemeýänimi edýän bolsam, onda ony indi men däl-de, içimde mesgen tutan günä edýändir. 21 Şeýlelikde, men durmuşda şeýle ýörelgäniň bardygyny bildim: oňat işi etmekçi bolan badyma, mende ýamanlyk häzir bolýar. 22 Bütin kalbym bilen Hudaýyň Kanunyndan lezzet alsam-da, 23 bedenimiň şol ýörelgä ýykgyn edýändigini görýärin. Bu ýörelge meniň aňymdaky ýörelgä garşy göreşip, bedenimdäki günä ýörelgesine meni ýesir edýär. 24 Wah, men bagtygarany diýsene! Ölüme eltýän bu bedenimden meni kim halas eder? 25 Hudaýa şükür! Ol bizi Rebbimiz Isa Mesih arkaly halas etdi!
Şunlukda, aňym bilen Hudaýyň Kanunyna gulluk etsem-de, ynsan tebigatyma görä günä kanunynyň guludyryn.