9-njy bap
Isa şägirtlerini halkyň arasyna iberýär
(Matta 10:5-15; Mark 6:7-29)
1 Isa on iki şägirdini ýanyna çagyryp, olara ähli arwah-jynlary kowmaga, her dürli keselleri bejermäge güýç we ygtyýar berdi. 2 Onsoň olary Hudaýyň Şalygyny wagyz etmäge we hassalara şypa bermäge iberdi. 3 Isa olara: «Ýol üçin hiç zat almaň: ýanyňyzda ne hasa, ne torba, ne çörek, ne pul, ne artykmaç eşik – hiç zat bolmasyn. 4 Haýsy öýe girseňiz, tä ol şäherden çykyp gaýdýançaňyz, şol öýde boluň. 5 Eger adamlar sizi kabul etmeseler, olaryň şäherinden çykyp gaýdanyňyzda, olara garşy şaýatlyk hökmünde aýagyňyzyň tozuny kakyň» diýdi. 6 Şeýdip, olar ýola düşdüler, her bir baran ýerinde Hoş Habary wagyz edip, hassalary sagaldyp, obama-oba aýlandylar.
7 Şol wagt Hirod han bolan wakalaryň baryny eşidip, gaty aljyrady. Sebäbi käbir adamlar: «Ýahýa direlipdir!» diýýärdiler. 8 Käbirleri: «Ylýas peýda bolupdyr!», başga birileri hem: «Gadymy pygamberleriň biri direlipdir!» diýişýärdiler. 9 Hirod bolsa: «Men Ýahýanyň başyny çapdyrdym, onda bu adam kimkä? Ol hakda üýtgeşik habarlar eşidýän» diýdi. Ol Isany görmäge jan etdi.
Isa bäş müň adamy doýurýar
(Matta 14:13-21; Mark 6:30-44; Ýohanna 6:1-14)
10 Resullar yzyna gelensoň, öz eden işlerini Isa habar berdiler. Ol hem olary ýanyna alyp, Betsaýda diýen şähere gitdi*. 11 Emma mähelle muny bilip, Onuň yzyndan bardy. Ol hem olary oňat garşylap, Hudaýyň Şalygy hakda gürrüň berdi we şypa mätäç adamlary sagaltdy. 12 Gün ýaşyp barýarka, Onkiler Isanyň ýanyna gelip: «Bu mähelläni goýber, töwerekdäki obalara gidip, ýatara ýer we azyk tapsynlar, sebäbi biz bir çola ýerde ahyry» diýdiler. 13 Emma Isa: «Olara iýmäge zady siz beriň» diýdi. Olar hem: «Biz munça mähelle üçin iýmit satyn almaga gidelimi? Biziň bäş çörek bilen iki balykdan başga zadymyz ýok ahyry» diýdiler. 14 Ol ýerde bäş müňe golaý erkekler bardy. Emma Isa şägirtlerine: «Olary elli-elliden topar-topar edip oturdyň» diýip tabşyrdy. 15 Olar hem şeýle edip, hemmeleri oturtdylar. 16 Isa bolsa bäş çörek bilen iki balygy alyp, gözlerini göge dikip şükür etdi. Soňra bulary halka paýlar ýaly bölüşdirip şägirtlerine berdi. 17 Hemmeler iýip doýdular, artyp galan çörek böleklerini ýygnap, on iki sebedi doldurdylar.
Petrus Isanyň Mesihdigini ykrar edýär
(Matta 16:13-28; Mark 8:27–9:1)
18 Bir gün Isa ýekelikde Hudaýa doga okaýardy, şägirtleri hem Onuň ýanyndady. Isa olardan: «Halk Maňa kim diýýär?» diýip sorady. 19 Olar: «Käbirleri Ýahýa çümdüriji, käbirleri Ylýas, başga birileri bolsa gadymy pygamberlerden biri direlipdir diýýär» diýip jogap berdiler. 20 Isa olardan: «Siz Maňa kim diýýärsiňiz?» diýip sorady. Petrus: «Sen Hudaýyň Mesihisiň» diýip jogap berdi. 21 Isa bolsa muny hiç kime aýtmazlygy olara berk tabşyrdy.
Isa ölüp direljegini öňünden aýdýar
(Matta 16:20-28; Mark 8:30–9:1)
22 Onsoň Isa sözüni dowam edip: «Ynsan Ogly köp görgi görmeli, ýaşulular, ýolbaşçy ruhanylar we Töwrat mugallymlary tarapyndan ret edilmeli, öldürilmeli we üçülenji gün direlmelidir» diýdi. 23 Isa olaryň hemmesine şeýle diýdi: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, her gün haçyny alyp, yzyma düşsün. 24 Kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer, ýöne kim janyny Meniň ugrumda ýitirse, ony halas eder. 25 Ynsan tutuş dünýäni gazanybam, janyndan mahrum bolsa, oňa näme peýdasy bar? 26 Kim Menden we Meniň sözlerimden utansa, Ynsan Ogly-da Özüniň, Atasynyň we mukaddes perişdeleriň şöhraty bilen gelen mahaly ondan utanar. 27 Emma size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde duranlaryň käbiri ölmezden öň Hudaýyň Şalygynyň gelýänini görerler».
Isanyň keşbi üýtgeýär
(Matta 17:1-8; Mark 9:2-8)
28 Bu sözleri aýdanyndan sekiz gün geçensoň, Isa Petrusy, Ýohannany we Ýakuby ýanyna alyp, Hudaýa doga okamak üçin daga çykdy. 29 Doga okap otyrka, Onuň ýüz keşbi üýtgäp, eginbaşy lowurdap ap-ak boldy. 30 Ine, iki adam Onuň bilen gürrüňleşip durdy. Bu Musa bilen Ylýasdy. 31 Olar şöhrat içinde peýda bolup, Isanyň dünýäden alynmaly pursady barada gürrüň edýärdiler. Bu pursat Iýerusalimde amala aşmalydy. 32 Petrus bilen onuň ýanyndakylary uky basmarlaýardy, emma olar ukudan açylyp, Isanyň şöhratyny hem Onuň ýanynda duran iki adamy gördüler. 33 Musa bilen Ylýas Isanyň ýanyndan aýrylyp barýarkalar, Petrus näme diýýänini özi-de bilmän, Oňa: «Halypa! Bize bu ýerde bolmak ýakymly, üç çadyr dikeli: biri – Saňa, biri – Musa, biri – Ylýasa» diýdi. 34 Petrus bulary aýdyp durka, bir bulut gelip, olaryň üstüni örtdi. Özlerini bulut gurşap alanda, olar gaty gorkdular. 35 Bulutdan: «Bu Meniň Oglumdyr, Saýlap-seçenimdir!* Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi. 36 Bu ses kesilen wagty, Isa ýeke galdy. Şägirtler bolsa dymyp, gören zatlary barada şol günlerde hiç kime gürrüň bermediler.
Isa arwah-jyn eýelän oglany sagaldýar
(Matta 17:14-18; Mark 9:14-27)
37 Şol günüň ertesi dagdan aşak düşen wagty, bir uly mähelle Isany garşylady. 38 Mähelläniň içinden bir adam gygyryp, şeýle diýdi: «Mugallym! Ýalbarýan, meniň ogluma nazaryňy sal, ol meniň ýalňyz çagam. 39 Ine, ony bir arwah-jyn eýeleýär, ol birden çygyryp başlaýar. Ol ruh onuň agzyndan ak köpük gelýänçä silterleýär, ýer bilen ýegsan edip, ondan zordan aýrylýar. 40 Şägirtleriňe ony çykaryp ber diýip ýalbardym, emma olar başarmadylar». 41 Isa: «Eý, ýoldan çykan, imansyz nesil! Men haçana çenli siziň bilen bolup, size çydaýyn? Ogluňy bärik getir» diýdi. 42 Çaga Isanyň ýanyna gelýärkä, arwah-jyn ony ýere urup, köp silterledi. Emma Isa arwah-jyna käýäp, çagany sagaldyp, atasyna gowşurdy. 43 Hemmeler Hudaýyň beýikdigine haýran galdy.
Isa ölüp direljegini ýene aýdýar
(Matta 17:22,23; Mark 9:30-32)
Hemmeler Isanyň eden işlerine geň galdy. Isa Öz şägirtlerine: 44 «Bu sözler gulagyňyzda galsyn: Ynsan Ogly ynsanlaryň eline tabşyrylar» diýdi. 45 Emma olar bu söze düşünmediler. Bu sözüň manysy olar üçin gizlin bolup galdy, olar bu barada Isadan soramaga-da gorkdular.
Iň beýik kim?
(Matta 18:1-5; Mark 9:33-37)
46 Şägirtleriň arasynda olardan kimiň iň beýikdigi barada jedel ýüze çykdy. 47 Isa olaryň ýüregindäki pikiri aňyp, bir çagany aldy-da, ýanynda duruzdy. 48 Onsoň olara: «Kim şunuň ýaly bir çagany Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir. Meni kabul eden bolsa, Meni Ibereni kabul edýändir. Araňyzda kim hemmeden pes bolsa, iň beýik şoldur» diýdi. 49 Ýohanna Isa ýüzlenip: «Halypa! Biz Seniň adyň bilen arwah-jynlary çykarýan bir adamy gördük, ýöne onuň biziň bilen bile däldigi üçin, ony togtatmak isledik» diýdi. 50 Isa oňa: «Ony togtatmaň! Kim size garşy bolmasa, ol siziň tarapyňyzdadyr» diýdi.
Samariýalylar Isa garşy bolýarlar
51 Göge alynmaly mahaly golaýlanda, Isa Iýerusalime gitmegi ýüregine düwüp, ýola düşdi. 52 Ol Özünden öň birnäçe ilçini ýollady. Olar hem Onuň gelerine taýýarlyk görmek üçin, samariýalylaryň bir obasyna girdiler. 53 Emma samariýalylar Isany kabul etmediler, sebäbi Onuň ugry Iýerusalime tarapdy. 54 Isanyň şägirtleri Ýakup bilen Ýohanna muny görüp, Ondan: «Eý, Agam! Olary ýok etmek üçin gökden ot ýagdyrmagymyzy isleýärsiňmi?*» diýip soradylar. 55-56 Emma Isa öwrülip, olara käýedi*. Onsoň olar başga oba gitdiler.
Isanyň yzyna eýermek
(Matta 8:19-22)
57 Ýolda barýarkalar, bir adam Isa: «Nirä gitseň*, men hem Seniň yzyňa düşjek» diýdi. 58 Isa oňa: «Tilkileriň süreni, guşlaryň höwürtgesi bardyr, ýöne Ynsan Oglunyň başyny goýara-da ýeri ýokdur» diýdi. 59 Başga birine: «Meniň yzyma düş» diýdi. Emma ol: «Agam, rugsat et, öňürti gidip, kakamy jaýlaýyn» diýdi. 60 Emma Isa oňa: «Goý, ölülerini ölüleriň özleri jaýlabersinler, ýöne sen git-de, Hudaýyň Şalygyny wagyz et» diýdi. 61 Ýene birisi: «Agam! Seniň yzyňa düşeýin, ýöne rugsat ber, öňürti maşgalam bilen hoşlaşaýyn» diýdi. 62 Isa oňa: «Eline azaly alansoň yzyna seredýän adam Hudaýyň Şalygyna mynasyp däldir» diýdi.