27‑nji bap
Ýahuda patyşasy Ýotam
1 Ýotam patyşa bolanda ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on alty ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Ýeruşa Sadogyň gyzydy. 2 Ýotam kakasy Uzyýa ýaly Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi; emma ol Rebbiň ybadathanasyna girmedi. Halk entek hem erbet işleri edýärdi. 3 Ýotam Rebbiň öýüniň demirgazyk derwezesini gurdy. Ofel diwarynyň üstünde hem köp gurluşyk işlerini etdi. 4 Bulardan daşary-da, Ýotam Ýahuda daglarynda şäherler gurdy we tokaýlyklarda galalar we diňler saldy. 5 Ýotam Ammon patyşasyna garşy urşup, olardan üstün çykdy. Ammonlylar şol ýyl Ýotama ýüz ýetmiş batman* kümüş, ýigrimi müň çuwal* bugdaý we ýigrimi müň çuwal arpa berdiler. Ammonlylar oňa ikinji we üçünji ýylda ýene şonça mukdarda berdiler. 6 Hudaýy Rebbine wepaly bolandygy üçin Ýotam kuwwatlandy. 7 Ýotamyň beýleki işleri, ähli alyp baran uruşlary hem-de eden işleri Ysraýyl we Ýahuda patyşalarynyň taryh kitabynda ýazylandyr. 8 Ýotam patyşa bolanda ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on alty ýyl patyşalyk etdi. 9 Ýotam ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda jaýlandy. Ogly Ahaz onuň ýerine patyşa boldy.