25‑nji bap
Ýahuda patyşasy Amazýa
1 Amazýa patyşa bolanda ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalimde ýigrimi dokuz ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi iýerusalimli bolup, ady Ýehogadyndy. 2 Amazýa Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi, ýöne bu çyn ýürekden däldi. 3 Amazýa patyşalygyny kuwwatlandyryp, öz kakasyny öldüren nökerleri öldürdi. 4 Emma Musanyň Töwratda berlen tabşyryklary berjaý edip, Amazýa kakasyny öldüren nökerleriň çagalaryny öldürmedi, çünki Reb şol kitapda: «Ene-atalar çagalarynyň günäsi üçin öldürilmesin, çagalar-da ene-atalarynyň günäleri üçin öldürilmesin, her kim öz günäsi üçin öldürilsin» diýip tabşyryk beripdi*.
Edomlylara garşy uruş
5 Amazýa ýahuda halkyny ýygnap, ähli ýahudalary we benýaminleri uruglaryna görä müňbaşylaryň we ýüzbaşylaryň baştutanlygy astynda goýdy. Ýigrimi we ondan ýokary ýaşlylary sanap, olardan naýza we galkan göterip, söweşip biljek üç ýüz müň saýlama esger tapdy. 6 Amazýa ýüz ýetmiş batman* kümşe Ysraýyldan ýüz müň batyr ýigidi hakyna tutdy. 7 Emma Hudaýyň bir adamy gelip, Amazýa şeýle diýdi: «Eý, patyşa! Ysraýyl goşuny seniň bilen gitmesin. Reb ysraýyl halky, ýagny ähli efraýymlar bilen däldir. 8 Eger efraýymlar seniň bilen gitseler, sen edermenlik bilen söweşseň-de, Hudaý seniň duşmanlaryňa ýeňiş berer, çünki ýeňiş berýän-de, ýeňlişe sezewar edýän-de Hudaýdyr». 9 Amazýa Hudaýyň adamyna: «Ysraýyl goşunyna beren ýüz ýetmiş batman kümşüm bilen näme etmeli?» diýdi. Hudaýyň adamy: «Reb saňa ondan hem artyk berip biler» diýip jogap berdi. 10 Onsoň Amazýa Efraýymdan gelen goşuny boşadyp, ony yzyna goýberdi. Emma olaryň Ýahuda garşy gazaby lowlap, gahar-gazap bilen öýlerine dolandylar.
11 Amazýa güýç toplap, öz goşunyna baş bolup, Duz deresine gitdi we ol ýerde Segir halkyndan on müň adamy öldürdi. 12 Ýahudanyň esgerleri ýene on müň adamy diriligine tutup, olary gaýanyň depesine çykaryp, şol ýerden aşak taşladylar. Olar bölek-bölek boldular. 13 Emma Amazýanyň özi bilen urşa gitmesin diýip yzyna iberen goşunynyň esgerleri Samariýadan Beýthorona çenli bolan Ýahuda şäherlerine hüjüm edip, üç müň adamy öldürdiler we köp olja aldylar.
14 Amazýa edomlylardan üstün çykyp gelende, Segir halkynyň hudaýlaryny getirip, olary öz hudaýlary hökmünde goýup, olara sežde edip, olara gurbanlyklar ýakdy. 15 Rebbiň Amazýa gahary gelip, onuň ýanyna bir pygamber iberdi. Pygamber Amazýa: «Näme üçin sen öz halkyny seniň eliňden halas edip bilmedik halkyň taňrylaryna sežde edýärsiň?» diýdi. 16 Pygamber sözleýärkä, patyşa oňa: «Biz seni patyşa maslahatçy edip belledikmi? Bes et! Ýogsam öldürilersiň» diýdi. Pygamber: «Seniň şeýle edip, meniň maslahatyma gulak goýmandygyň üçin, Hudaýyň seni öldürmegi karar edendigini men bilýärin» diýip, sözüni bes etdi.
Ysraýyla garşy uruş
17 Onsoň Ýahuda patyşasy Amazýa maslahatlaşyp, Ýehogahazyň ogly, Ýehuwyň agtygy Ysraýyl patyşasy Ýehowaşa çapar ýollap: «Gel, ýüzbe-ýüz bolaly» diýdi. 18 Ysraýyl patyşasy Ýehowaş Ýahuda patyşasy Amazýanyň ýanyna adam iberip, şeýle diýdi: «Liwandaky ýandak Liwandaky kedr agajyna sawçy ýollap: „Gyzyňy meniň ogluma ber“ diýip sorapdyr. Emma Liwandaky bir wagşy haýwan geçip barýarka, ýandagy depeläpdir. 19 Sen: „Ine, men edomlylardan üstün çykdym“ diýip öwnüp, muňa buýsanýarsyň. Sen öýüňde otur. Näme üçin sen özüňiň we patyşalygyň başyna bela getirmegine bahana agtarýarsyň?»
20 Emma Amazýa muňa gulak asmady. Bu zatlar Ýahudany duşmanlarynyň eline bermek üçin Hudaý tarapyndan edilipdi, sebäbi halk Edom hudaýlaryna sežde edipdiler. 21 Şeýdip, Ysraýyl patyşasy Ýehowaş öz goşuny bilen Ýahuda patyşasy Amazýanyň üstüne gitdi. Ýehowaş Ýahudanyň Beýtşemeş diýen ýerinde Amazýa garşy uruşda onuň bilen ýüzbe-ýüz sataşdy. 22 Ýahuda halky ysraýyl halkyndan ýeňlip, hersi öz çadyrlaryna gaçyp gitdiler. 23 Ysraýyl patyşasy Ýehowaş Ahazýanyň agtygy, Ýowaşyň ogly Ýahuda patyşasy Amazýany Beýtşemeşde tutup, Iýerusalime getirdi. Ýehowaş Iýerusalimiň diwarynyň Efraýym derwezesinden Künç derwezesine çenli dört ýüz tirsek aralygyny ýykdy. 24 Ýehowaş Obededomyň ygtyýaryndaky Hudaýyň öýündäki altyn-kümşüň, enjamlaryň baryny we patyşanyň köşgündäki hazynalary, bulardan daşary-da girew alan adamlaryny alyp, Samariýa dolanyp geldi.
Amazýanyň ölümi
25 Ýowaşyň ogly Ýahuda patyşasy Amazýa, Ýehogahazyň ogly Ysraýyl patyşasy Ýehowaş ölenden soň on bäş ýyl ýaşady. 26 Amazýanyň başdan-aýak eden ähli işleri Ýahuda we Ysraýyl patyşalarynyň taryh kitabynda ýazylandyr. 27 Amazýanyň Rebbiň yzyna eýermekden ýüz öwren pursadyndan başlap, Iýerusalimde onuň garşysyna dildüwşük guraldy. Onsoň Amazýa Lakyşa gaçyp gitdi. Emma onuň yzyndan Lakyşa adam iberip, olar ony şol ýerde öldürdiler. 28 Onsoň Amazýanyň jesedini atlara ýükläp getirdiler-de, ony Ýahuda şäherinde* atalarynyň ýanynda jaýladylar.