14‑nji bap
Ýahuda patyşasy Asa
1 Abyýa ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda jaýlandy. Onsoň onuň ýerine ogly Asa patyşa boldy. Onuň döwründe ýurt on ýyl asudalykda ýaşady. 2 Asa öz Hudaýy Rebbiň nazarynda oňat we dogry işleri etdi. 3 Asa keseki gurbanlyk sypalaryny we seždegähleri aýryp, dikme daşlaryny ýykdy, Aşera butlaryny kesdi. 4 Ol ýahuda halkyna atalarynyň Hudaýy Rebbi agtaryp, Onuň kanunyny we tabşyryklaryny berjaý etmegi buýurdy. 5 Şeýle hem, Asa Ýahudanyň ähli galalaryndaky seždegähleri we ýakymly ysly tütetgi berilýän sypalaryny aýyrdy. Onuň şalyk süren döwründe ýurt asudalykda ýaşady. 6 Ol Ýahuda asudalykdaka galalary gurdy. Şol ýyllarda ol hiç kim bilen uruş etmedi, sebäbi Reb oňa parahatçylyk beripdi. 7 Asa ýahuda halkyna: «Geliň, bu galalary gurup, olaryň daşyna diwarlar, diňler, derwezeler we kiltler edeliň. Ýurt entek hem biziňkidir, çünki biz Hudaýymyz Rebbe tabyn bolduk. Biz Oňa tabyn bolduk, Ol bize her tarapdan asudalyk berdi». Şeýdip, olaryň gurluşyk işleri rowaçlandy. 8 Asanyň ýahuda tiresinden uly galkanlardyr naýzalar bilen ýaraglanan üç ýüz müň adamdan, benýamin tiresinden galkan göterip, ýaý atýan iki ýüz segsen müň adamdan ybarat goşuny bardy. Olaryň bary batyr ýigitlerdi.
Efiopiýalylar hüjüm edýär
9 Efiopiýaly Zera müňlerçe esgeri we üç ýüz söweş arabasy bilen Asa garşy çykyp, Mareşa çenli geldi. 10 Asa Zeranyň öňünden çykdy. Olar Mareşadaky Sepata deresinde söweş üçin nyzama düzüldiler. 11 Asa Hudaýy Rebbi çagyryp, şeýle diýdi: «Ýa Reb, güýçli adama garşy çykmakda ejize diňe Sen ýardam berýänsiň. Ýa Beýik Hudaýymyz, bize ýardam et, çünki biz Saňa bil baglaýarys. Seniň adyň bilen biz bu ummasyz goşunyň garşysyna çykdyk». 12 Şeýdip, Reb efiopiýalylary Asanyň we ýahuda halkynyň öňünde ýeňlişe sezewar etdi. Olar gaçdylar. 13 Asa bilen onuň goşuny efiopiýalylary Gerara çenli kowdular. Efiopiýalylaryň bary gyrlyp, ýekejesi hem diri galmady. Olar Rebbiň we Onuň goşunynyň öňünde ýeňlişe sezewar boldular. Ýahuda halky gaty köp olja alyp gaýtdy. 14 Olar Geraryň töweregindäki ähli galalara zarba urdular, çünki ýerli halka Rebbiň gorkusy aralaşypdy. Urşujylar ähli galalara talaň saldylar, sebäbi şol galalarda olja köpdi. 15 Olar çarwalaryň çadyrlaryna hem hüjüm edip, ummasyz goýundyr geçiler we düýeler alyp, Iýerusalime gaýdyp geldiler.