11‑nji bap
Şemagýa pygamberlik edýär
1 Rehabgam Iýerusalime geldi. Demirgazyk ysraýyl tirelerine garşy urşup, patyşalygy Rehabgama gaýtaryp bermek üçin, ýahuda hem-de benýamin tirelerinden ýüz segsen müň saýlama urşujylar toplady. 2 Emma Hudaýyň adamy Şemagýa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 3 «Süleýmanyň ogly, Ýahudanyň patyşasy Rehabgama, ýahuda we benýamin tirelerinden bolan ysraýyl halkyna 4 Reb şeýle diýýär diý: „Siz doganlaryňyzyň garşysyna uruşmaň. Her kes öz öýüne gaýtsyn, çünki bu bolan waka Mendendir“». Olar Rebbiň sözüne gulak asyp, Ýarobgamyň garşysyna çykman, öýlerine gaýtdylar.
Rehabgam Ýahudany berkidýär
5 Rehabgam Iýerusalimde mesgen tutup, Ýahudany goramak üçin galalar gurdy. 6 Ol Beýtullahamy, Eýtamy, Tekowany, 7 Beýtsury, Sokony, Adullamy, 8 Gaty, Mareşany, Zipi, 9 Adoraýymy, Lakyşy, Azekany, 10 Sorgany, Aýalony we Hebrony gurdy. Rehabgam ýahudalaryň we benýaminleriň galalary berkitdi. 11 Rehabgam galalary berkidip, olara serkerdeler belledi. Galalaryň hersini azyk, ýag we şerap bilen üpjün etdi. 12 Ol şeýle hem, ähli galalarda uly galkanlary we naýzalary goýup, olary has berkitdi. Ýahuda bilen benýamin Rehabgamyňkydy.
Ruhanylar we lewiler Rehabgamy goldaýarlar
13 Ruhanylar we lewiler Ysraýylyň dürli çäklerinden Rehabgamyň ýanyna geldiler. 14 Lewiler öz öri meýdanlaryny we mülklerini taşlap, Ýahuda, Iýerusalime geldiler, çünki Ýarobgam we onuň ogullary olary ruhanylyk etmekden aýrypdylar. 15 Ýarobgam seždegählere, öz ýasan but erkeçlerine we gölelerine ruhanylaryny belledi. 16 Ysraýylyň ähli tirelerinden Ysraýyl Hudaýy Rebbi agtarmagy ýüregine düwenler atalarynyň Hudaýyna gurbanlyk bermek üçin lewileriň yzyndan Iýerusalime geldiler. 17 Olar Ýahuda patyşalygyny kuwwatlandyrdylar. Olar üç ýyllap Süleýmanyň ogly Rehabgama goldaw berdiler, çünki olar üç ýyllap Dawudyň, Süleýmanyň ýolundan ýöräpdiler.
Rehabgamyň maşgalasy
18 Rehabgam Mahalata öýlendi. Mahalat Dawudyň ogly Ýerimot bilen Abyhaýylyň gyzydy. Abyhaýyl Ýyşaýyň ogly Eliýabyň gyzydy. 19 Mahalat Rehabgama: Ýeguş, Şemarýa we Zaham atly ogullary dogrup berdi. 20 Mahalatdan soň Rehabgam Abyşalomyň gyzy Magaka öýlendi. Magaka oňa: Abyýa, Ataý, Ziza we Şelomyt atly ogullary dogrup berdi. 21 Rehabgam Abyşalomyň gyzy Magakany beýleki hemme aýallaryndan we gyrnaklaryndan eý görýärdi. Rehabgamyň on sekiz aýaly we altmyş gyrnagy bardy; ol ýigrimi sekiz ogluň we altmyş gyzyň atasydy. 22 Rehabgam Magakanyň ogly Abyýany geljekde patyşa etmek niýeti bilen inilerine baştutan belledi. 23 Rehabgam parasatlyk bilen hereket edip, ogullaryny ýahudalaryň we benýaminleriň galalaryna iberip, olary ummasyz azyk bilen üpjün etdi, olara köp aýallar alyp berdi.