3‑nji bap
Süleýman ybadathana gurýar
1 Süleýman Iýerusalimde kakasy Dawuda Rebbiň görnen Moryýa dagyndaky, Dawudyň taýýarlan ýeri – ýabusly Ornanyň harmanynda Rebbiň öýüniň gurluşygyna başlady. 2 Süleýman patyşalygynyň dördünji ýylynyň ikinji aýynyň ikisi güni öýüň gurluşygyna başlady. 3 Süleýman patyşanyň Hudaý üçin guran öýüniň uzynlygy öňki ölçeg boýunça altmyş tirsek, ini ýigrimi tirsekdi. 4 Öýüň öňündäki eýwanyň boýy öýüň inine görä ýigrimi tirsekdi; onuň beýikligi bir ýüz ýigrimi tirsekdi. Süleýman onuň iç tarapyny sap altyna gaplady. 5 Ol uly otagy serwi agajy bilen örtüp, ony sap altyna gaplady we onuň üstüne palma agajynyň hem-de zynjyryň nagşyny saldy. 6 Süleýman öýi owadan, gymmatbaha daşlar bilen bezedi. Altyn Parwaýymdan getirilipdi. 7 Şeýdip, ol öýe, onuň pürslerine, gapy bosagalaryna, diwarlaryna altyn çaýdy. Ol diwarlara oýup, keruplaryň şekilini çekdi. 8 Süleýman iň mukaddes otagy-da gurdy; onuň boýy öýüň inine görä ýigrimi tirsek, ini hem ýigrimi tirsekdi; ol mukaddes otagy bir müň ýigrimi batman* sap altyna gaplady. 9 Altyn çüýleriň agramy bir ýarym gadak* töweregidi. Süleýman ýokarky otaglary-da altyna gaplady. 10 Süleýman iň mukaddes otagda iki kerubyň heýkelini ýasap, olary altyna gaplady. 11 Keruplaryň ganatlarynyň uzynlygy ýigrimi tirsekdi. Bir kerubyň bir ganatynyň uzynlygy bäş tirsek bolup, ol öýüň diwaryna degýärdi, beýleki ganatynyň uzynlygy bäş tirsek bolup, ol beýleki kerubyň ganatyna degýärdi. 12 Ikinji kerubyň bir ganatynyň uzynlygy bäş tirsek bolup, ol öýüň beýleki diwaryna degýärdi, beýleki ganatynyň uzynlygy bäş tirsek bolup, ol birinji kerubyň ganatyna degýärdi. 13 Bu keruplaryň ganatlarynyň uzynlygy jemi ýigrimi tirsekdi. Keruplar uly otaga tarap seredip, aýaklarynyň üstünde durdular. 14 Süleýman tutyny gök, goýy gyrmyzy, al ýüpeklerden we nepis zygyr matadan etdi, ýüzüne keruplaryň nagşyny saldy.
Iki sütün
15 Ol öýüň öňünde beýikligi otuz bäş tirsek bolan iki sany sütün ýasady. Her sütüniň ýokarsynda bäş tirsek bolan täç bardy. 16 Tor şekilli örme zynjyrlar ýasalyp, her sütüniň depesi olar bilen bezelendi. Süleýman ýüz sany nar ýasap, olary zynjyrlaryň üstünde goýdy. 17 Ol sütünleri öýüň öňünde dikdi. Ol günortada sütün dikip, ony Ýakin diýip atlandyrdy. Beýlekisini demirgazykda dikip, ony Bowaz diýip atlandyrdy.