21‑nji bap
Ýahuda patyşasy Manaşa
1 Manaşa patyşa bolanda on iki ýaşyndady. Ol Iýerusalimde elli bäş ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesiniň ady Hepsibady. 2 Rebbiň ysraýyllaryň arasyndan kowup çykaran milletleriniň eden nejis işleri ýaly Manaşa hem Rebbiň nazarynda nejis işleri etdi 3 Manaşa kakasy Hizkiýanyň ýok eden seždegählerini dikeltdi. Ol Ysraýyl patyşasy Ahabyň edişi ýaly, Bagal üçin gurbanlyk sypalaryny gurup, Aşera butlaryny dikdi. Ol ähli asman jisimlerine sežde edip, şolara gulluk etdi. 4 Ol Rebbiň: «Iýerusalimde maňa ybadat ediler» diýen Rebbiň öýünde butlar üçin gurbanlyk sypalaryny bina etdi. 5 Manaşa Rebbiň öýüniň iki howlusynda ähli asman jisimleri üçin gurbanlyk sypalaryny bina etdi. 6 Manaşa ogluny otdan geçirdi, gözbagçylyk we täleýe garamaklyk bilen meşgullandy. Ol palçylyk, jadygöýlik bilen iş salyşdy. Ol Rebbiň gaharyny getirip, Onuň nazarynda köp ýigrenji işleri etdi. 7 Manaşa ýasan oýma Aşera butuny Rebbiň öýünde goýdy. Bu öý Rebbiň Dawuda we onuň ogly Süleýmana: «Maňa şu öýde we bütin Ysraýyl tirelerinden seçip alan şäherim Iýerusalimde ybadat ediler. 8 Eger olar meniň ähli tabşyryklarymy we gulum Musanyň olara tabşyran kanunyny berjaý etseler, Men mundan beýläk ysraýyl halkyny atalaryna beren ýurdumdan daşary çykartmaryn» diýen öýüdi. 9 Emma olar muňa gulak asmadylar. Manaşa halky şeýle bir azdyrdy welin, olar Rebbiň ysraýyl halkynyň öňünden kowup çykaran milletlerinden hem köp pis işleri etdiler.
10-11 Reb Öz gullary pygamberler arkaly şeýle diýdi: «Ýahuda patyşasy Manaşa nejis işleri bilen özünden ozalky amorlaryň eden işlerinden-de has beter pis işleri etdi we öz butlary bilen Ýahuda günä etdirdi. 12 Şonuň üçin-de Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Ine, Men Iýerusalimiň we Ýahudanyň başyna şeýle bir betbagtçylyk getirerin welin, ol barada eşiden her kişiniň ýüregi ýarylar. 13 Men Samariýanyň we Ahabyň nesilleriniň başyna nähili günleri salan bolsam, Iýerusalimiň başyna-da şol günleri salaryn. Bir kişiniň gap-çanagy süpürip, arassalap, düňderip goýşy ýaly, Men-de Iýerusalimi syryp-süpürip ýok ederin. 14 Mirasymdan – ysraýyllardan aman galanlary taşlaryn-da, olary duşmanlarynyň eline bererin. Olar ähli duşmanlaryna talaň we olja bolarlar. 15 Çünki olar Meniň ýigrenýän işlerimi edip, atalarynyň Müsürden çykan gününden, tä şu güne çenli Meni gazaplandyryp geldiler“».
16 Manaşa ýahudalara günä etdirip, olar Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdiler. Munuň üstesine-de, Manaşa Iýerusalimi boýdan-başa bigünä gandan doldurdy. 17 Manaşanyň galan işleri we ähli eden işleri, günäleri barada ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 18 Manaşa ata-babalaryna gowuşdy. Ol öz köşgüniň bagy bolan Uza bagynda jaýlandy. Ogly Amon onuň ýerine patyşa boldy.
Ýahuda patyşasy Amon
19 Amon patyşa bolan wagty ýigrimi iki ýaşyndady. Ol Iýerusalimde iki ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Meşullemet ýotbaly Harusyň gyzydy. 20 Amon kakasy Manaşa ýaly Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. 21 Ol kakasynyň ýörän ýollaryndan ýöräp, onuň sežde eden butlaryna sežde edip, şolara gulluk etdi. 22 Amon atalarynyň Hudaýy Rebbi terk edip, Onuň yzyna eýermedi. 23 Amonyň nökerleri oňa garşy dildüwşük gurap, ony öz köşgünde öldürdiler. 24 Emma ýurduň ilaty Amon patyşa garşy dildüwşük guranlaryň baryny öldürip, onuň ýerine ogly Ýoşyýany patyşa etdi. 25 Amonyň beýleki işleri ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 26 Ol Uza bagynda, öz guburunda jaýlandy. Onsoň ogly Ýoşyýa onuň ýerine patyşa boldy.