8‑nji bap
Şunemli aýal ýerini yzyna alýar
1 Elýaşa ogluny direlden aýala şeýle diýipdi: «Tur-da, öý-içeriň bilen gidip, ýaşap biljek ýeriňde mesgen tut, çünki Reb bu ýurduň başyna ýedi ýyllyk açlyk getirjek». 2 Bu aýal Hudaýyň adamynyň tabşyryşy ýaly hem etdi. Ol öz öý-içerisi bilen piliştlileriň ýurduna gidip, şol ýerde ýedi ýyl ýaşady. 3 Ýedi ýyldan soň bu aýal piliştlileriň ýurdundan gaýdyp geldi. Ol öýüniň we ýeriniň yzyna gaýtarylyp berilmegini soramak üçin, patyşanyň huzuryna gitdi. 4 Şol wagt patyşa Hudaýyň adamynyň hyzmatkäri Geýhazy bilen gepleşip otyrdy. Patyşa Geýhaza ýüzlenip: «Hany, onda maňa Elýaşanyň görkezen beýik gudratlary hakda aýdyp ber» diýdi. 5 Geýhazy Elýaşanyň ölüni direldişi barada gürrüň berip otyrka, Elýaşa tarapyndan ogly direldilen aýal patyşadan öýüniň we ýeriniň yzyna gaýtarylyp berilmegini soramaga geldi. Geýhazy hem: «Eý, jenap patyşam, ine, bu şol diýen aýalym bilen Elýaşanyň direlden oglany» diýdi. 6 Patyşa bu aýaldan soranda, ol patyşa bolup geçen zatlar barada jikme-jik gürrüň berdi. Şeýdip, patyşa emeldarlarynyň birini çagyryp, şeýle buýruk berdi: «Bu aýalyň bar zadyny gaýtaryp ber, ýurdy taşlap giden gününden tä şu güne çenli melleginiň bar girdejisini hem yzyna ber» diýip emr etdi.
Elýaşa pygamber we Hazaýyl
7 Elýaşa Damaska geldi. Şol wagt Siriýa patyşasy Benhadat hassady. Patyşa: «Hudaýyň adamy şu ýere gelipdir» diýip habar berdiler. 8 Patyşa emeldary Hazaýyla şeýle diýdi: «Ýanyň bilen sowgatlar al-da, Hudaýyň adamyny garşylamaga git. Onsoň onuň üsti bilen Rebden sora: „Men şu hassalykdan sagalarmykam?“». 9 Şeýdip, Hazaýyl özi bilen Damaskyň dürli-dümen harytlaryndan kyrk düýe ýüki sowgatlar alyp, Hudaýyň adamyny garşylamaga gitdi. Ol baryp, Elýaşanyň öňünde durup: «Siriýa patyşasy guluň Benhadat: „Men bu hassalykdan sagalarmykam?“ diýip soramak üçin meni seniň ýanyňa iberdi» diýdi. 10 Elýaşa Hazaýyla: «Bar-da patyşa: „Sen hökman sagalarsyň“ diý, emma Reb maňa onuň hökman öljekdigini görkezdi» diýdi. 11 Elýaşa Hazaýyla gözüni aýyrmazdan seretdi welin, Hazaýyl utanyp gyzardy. Onsoň Hudaýyň adamy aglady. 12 Hazaýyl ondan: «Jenabym, sen näme üçin aglaýarsyň?» diýip sorady. Elýaşa şeýle jogap berdi: «Men seniň ysraýyl halkynyň başyna ýowuz günleri getirjekdigiňi bilip aglaýaryn. Sen olaryň galalaryna ot berip, söweşde olaryň iň oňat esgerlerini gylyçdan geçirersiň, olaryň çagalarynyň kellelerini ýenjip, göwreli aýallarynyň garynlaryny dilersiň». 13 Hazaýyl: «Köpekden parhy bolmadyk bu guluň beýle uly işleri eder ýaly kim bolupdyr?» diýdi. Elýaşa: «Reb maňa seniň Siriýa patyşa boljagyňy görkezdi» diýip jogap berdi. 14 Onsoň Hazaýyl Elýaşanyň ýanyndan gaýdyp, öz jenaby Benhadadyň ýanyna geldi. Benhadat ondan: «Elýaşa saňa näme diýdi?» diýip sorady. Hazaýyl: «Ol sen hökman gutularsyň diýdi» diýip jogap berdi. 15 Emma ertesi gün Hazaýyl bir örtgi alyp, ony suwa batyrdy-da, patyşanyň ýüzüne ýapyp, ony bogup öldürdi. Onsoň onuň ýerine Hazaýylyň özi patyşa boldy.
Ýahuda patyşasy Ýehoram
16 Ysraýyl patyşasy Ahabyň ogly Ýoramyň şalygynyň bäşinji ýylynda, Ýahuda patyşasy Ýehoşapadyň ogly Ýehoram Ýahuda patyşalyk edip başlady. 17 Ýehoram patyşa bolanda otuz iki ýaşyndady. Ol Iýerusalime sekiz ýyl patyşalyk etdi. 18 Ahabyň nesilleriniň edişi ýaly, Ýehoram-da Ysraýyl patyşalarynyň ýollaryndan ýöredi, çünki Ahabyň gyzy onuň aýalydy. Ýehoram Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. 19 Emma Reb Dawuda onuň nesillerinden biriniň ömürlik tagtda oturjakdygyny wada berendigi we Öz guly Dawut bilen äht edendigi üçin Ýahudany derbi-dagyn etmek islemedi.
20 Ýehoramyň döwründe edomlylar gozgalaň turzup, Ýahudanyň gol astyndan çykdylar we özlerine bir patyşa goýdular. 21 Onsoň Ýehoram söweş arabaly goşuny bilen Sagyra gitdi. Edomlylar Ýehoram bilen onuň serkerdeleriniň daşyny gabadylar, ýöne Ýehoram gije edomlylaryň gabawyny böwsüp geçdi. Onuň goşuny-da öýli-öýlerine gaçyp gaýtdy. 22 Şeýdip, Edom şu güne çenli hem Ýahuda garşy gozgalaň turzup, oňa garaşsyz bolup gelýär. Edil şol wagtda Libna galasy hem Ýahudanyň garşysyna uruş turuzdy. 23 Ýehoramyň beýleki işleri, onuň ähli eden işleri ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 24 Ýehoram ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda, atalarynyň ýanynda jaýlandy. Onsoň onuň ornuna ogly Ahazýa patyşa boldy.
Ýahuda patyşasy Ahazýa
25 Ysraýyl patyşasy Ahabyň ogly Ýoramyň şalygynyň on ikinji ýylynda Ýahuda patyşasy Ýehoramyň ogly Ahazýa patyşa boldy. 26 Ahazýa patyşa bolanda ýigrimi iki ýaşyndady. Ol Iýerusalime bir ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Atalýa Ysraýylyň patyşasy Omrynyň agtygydy. 27 Ahazýa hem Ahabyň maşgalasynyň pis ýolundan ýöredi. Ol hem Ahabyň maşgalasy ýaly Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi, çünki Ahazýa olaryň giýewsidi.
28 Ahazýa Ahabyň ogly Ýoram bilen Siriýanyň patyşasy Hazaýyla garşy uruşmak üçin Ramotgilgada gitdi. Siriýalylar şol ýerde Ýoramy ýaraladylar. 29 Ysraýyl patyşasy Ýehoram Ramotgilgatda Hazaýyla garşy urşup ýörkä, siriýalylaryň özüne salan ýaralaryny bejertmek üçin Ýizregele gaýdyp geldi. Ýahuda patyşasy Ýoramyň ogly Ahazýa ýaralanan Ahabyň ogly Ýoramy görmek üçin Ýizregele gitdi.