50‑nji bap
1 Ýusup özüni kakasynyň üstüne oklap, aglap, ony ogşady.
2 Ol öz hyzmatyndaky lukmanlara kakasynyň jesedini mumyýalamagy buýurdy. Lukmanlar Ysraýylyň jesedini mumyýaladylar. 3 Bu iş kyrk güne çekdi, çünki mumyýalamak şonça wagty talap edýärdi. Müsürliler ýetmiş günläp Ysraýylyň ýasyny tutdular.
4-5 Ýas günleri geçenden soň, Ýusup faraonyň köşgündäkilere şeýle diýdi: «Eger men siziň göwnüňizden turan bolsam, onda faraona şeýle diýiň: „Kakam ölmezinden öň: 'Meniň sanaglym dolup barýar. Meni Kenganda özüm üçin gazan gabrymda jaýlaň' diýip ant içirdi. Indi, goý, ol maňa gidip, kakamy jaýlamaga rugsat bersin; onsoň men yzyma dolanaryn“». 6 Faraon: «Git-de, kakaňy ant içişiň ýaly jaýla» diýdi.
7 Şeýdip, Ýusup kakasynyň jesedini alyp ýola düşdi. Faraonyň ähli emeldarlary, köşgüň we tutuş Müsüriň belent mertebeli adamlary, 8 Ýusubyň tutuş hojalygy, onuň doganlarydyr kakasynyň hojalygyndakylaryň hemmesi-de onuň ýanyndadylar. Goşen welaýatynda diňe çagalar, ownukly-irili mallar galdy. 9 Söweş arabalary we olaryň üstündäki esgerler-de Ýusup bilen gitdi. Bu ägirt uly mähelledi. 10 Iordan derýasynyň gündogaryndaky Atat harmany diýen ýere ýetenlerinde, olar ses edip aglaşdylar. Ýusup kakasy üçin ýedi günläp ýas tutdy. 11 Atat harmany diýen ýerdäki ýasy görüp, Kenganyň ýerli ilaty: «Müsürlileriň ýas tutuşy, gör, nähili agyr!» diýişdiler. Şoňa görä-de, Iordan derýasynyň gündogar tarapyndaky bu ýere Abelmisraýym* diýen at berildi. 12 Şeýdip, Ysraýylyň ogullary kakalarynyň beren tabşyrygyny aýdyşy ýaly berjaý etdiler. 13 Olar Ysraýyly Kengan topragyna getirip, Mamräniň gündogaryndaky Makpela mülkündäki gowakda jaýladylar. Ybraýym bu gowagy gonamçylyk etmek üçin ýeri bilen bile Epron hetden satyn alypdy. 14 Kakasyny jaýlandan soň, Ýusup doganlary hem-de olar bilen kakasyny jaýlamaga gelenleriň hemmesi bilen bilelikde Müsüre gaýdyp geldi.
Ýusup doganlaryna göwünlik berýär
15 Kakalary ölenden soň, Ýusubyň doganlary «Eden ýamanlygymyz üçin Ýusup kine saklap, bizden ar alsa näme?» diýip güman etdiler. 16-17 Şunlukda, olar Ýusuba: «Kakamyz bize ölmeziniň öň ýanynda Ýusuba şeýle diýiň: „Doganlaryňyň jenaýat işini we eden günälerini bagyşla, çünki olar saňa ýamanlyk etdiler“ diýip tabşyrdy. Indi öz ataňyň Hudaýynyň gullary bolan biziň günämizi öt!» diýen habar ýolladylar. Bu habary eşidip, Ýusup aglady. 18 Doganlarynyň özleri-de gelip, Ýusubyň öňünde ýüzin düşüp: «Biz seniň gullaryňdyrys» diýdiler. 19 Ýusup olara: «Gorkmaň, men Hudaýmy näme?! 20 Siz maňa ýamanlyk etmek islediňiz, emma görşüňiz ýaly, birtopar adamlary diri galdyrmak üçin Hudaý ol ýamanlygy ýagşylyga öwürdi. 21 Siz gorkmaň. Men siziň-de, siziň çagalaryňyzyň-da aladasyny ederin» diýip, Ýusup olara mähirli sözler bilen göwünlik berdi.
Ýusubyň ölümi
22 Şeýdip, Ýusup kakasynyň hojalygy bilen bile Müsürde ornaşdy. Ol ýüz on ýyl ýaşady. 23 Ýusup Efraýymyň üsti bilen çowluklar gördi. Manaşanyň ogly Makyryň çagalary Ýusubyň çagalary hasaplandy. 24 Ýusup doganlaryna: «Meniň sanaglym dolup barýar, ýöne Hudaý hökman siziň dadyňyza ýetişer. Hudaý sizi Müsürden çykaryp, Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba wada eden topragyna elter» diýdi. 25 Soňra Ýusup Ysraýylyň ogullaryna ant içirip, şeýle diýdi: «Hudaý size nazar salanda, siz meniň süňklerimi-de öz ýanyňyz bilen alyp gidiň». 26 Şeýdip, Ýusup ýüz on ýaşynda dünýäden ötdi. Onuň jesedi Müsürde mumyýalanyp, tabyda salnyp goýuldy.