7‑nji bap
Isa Iýerusalime gidýär
1 Şondan soň Isa Jelilede aýlanmaga başlady. Ýahudylaryň baştutanlary Onuň kastyna çykansoňlar, Ol Ýahudyýada gezmek islemeýärdi. 2 Ýahudylaryň Çatma baýramy golaýlapdy. 3 Şonuň üçin Isanyň inileri Oňa: «Bu ýerden çykyp, Ýahudyýa git, edýän işleriňi şägirtleriň görsün. 4 Özüni açyk tanatmak isleýän adam gizlin iş edýän däldir. Sen bu zatlary edýän bolsaň, Özüňi dünýä görkez» diýdiler, 5 sebäbi Oňa hatda inileri-de ynanmaýardylar. 6 Isa olara: «Meniň wagtym entek dolanok, ýöne siziň üçin islendik wagt pursatdyr. 7 Dünýä sizi ýigrenip bilmez, emma Meni ýigrenýär, sebäbi Men onuň işleriniň erbetdigine şaýatlyk edýärin. 8 Siz baýrama gidiň, Men bu baýrama gitjek däl. Sebäbi Meniň wagtym entek dolanok» diýip jogap berdi. 9 Olara şeýle diýip, Ol Jelilede galdy. 10 Emma inileri baýrama gidenlerinden soň, Isa-da gitdi, ýöne aç-açan däl-de, gizlin gitdi.
11 Ýahudylaryň baştutanlary baýramçylykda Ony idäp: «Ol nirede?» diýip soraýardylar. 12 Mähelläniň arasynda Ol hakda köp gürrüň edildi. Käbirleri «Ol gowy adam» diýse, başgalary «Ol halky azdyrýar» diýýärdiler. 13 Ýöne ýahudy ýolbaşçylaryndan gorkup, hiç kim Ol hakda açyk gürrüň edip bilmeýärdi.
14 Baýramçylygyň ýarysy geçende, Isa ybadathana baryp, öwretmäge başlady. 15 Ýahudylar haýran galyp: «Bu adam hiç ýerde okamadyk bolsa-da, Mukaddes Ýazgylary nireden bilýärkä?» diýişýärdiler. 16 Isa olara şeýle jogap berdi: «Meniň öwredýänlerim Özümiňki däl, Meni Ibereniňkidir. 17 Hudaýyň yradasyny berjaý etmek isleýän adam Meniň öwredýänlerimiň Hudaýdandygyna ýa-da Özümdendigine göz ýetirer. 18 Kim özünden sözleýän bolsa, özüne şöhrat gözleýändir. Kim özüni iberene şöhrat gözleýän bolsa, hakykaty sözleýändir, onuň sözlerinde ýalan ýokdur. 19 Musa size Mukaddes Kanuny bermedimi näme? Ýöne siziň hiç biriňiz bu Kanuny berjaý etmeýärsiňiz. Näme üçin Meni öldürjek bolýarsyňyz?» 20 Mähelle Oňa: «Sen jynly, kim Seni öldürjek bolýar?» diýdi. 21 Isa olara: «Men bir gudrat görkezdim, oňa hemmäňiz haýran galýarsyňyz. 22 Özüňiz bolsa, Musanyň kanunyny berjaý edýäris diýip hem, Sabat güni çagalary sünnet edýärsiňiz. Aslynda sünnet Musadan däl-de, ata-babalardan galandyr. 23 Şeýlelikde, Musanyň kanuny bozulmasyn diýip hem, özüňiz Sabat güni sünnet edýäňiz. Onda näme üçin Sabat güni bir adamy bütinleý sagaldandygym üçin Meni ýazgarýarsyňyz? 24 Daşky görnüşe görä höküm çykarmaň, hökümiňiz adalatly bolsun» diýdi.
Isa Mesihmidir?
25 Bu ýerde iýerusalimlileriň käbirleri: «Olaryň öldürjek bolýan Adamy şu dälmi? 26 Ine, Ol arkaýyn gürrüň berip dur, Oňa garşy hiç kim hiç zat diýmeýär. Biziň ýolbaşçylarymyz Onuň Mesihdigini, hakykatdanam, bilýän bolaýmasynlar?! 27 Ýöne biz bu Adamyň niredendigini bilýäris. Mesih gelende bolsa Onuň niredendigini hiç kim bilmez» diýişdiler. 28 Onsoň Isa ybadathanada öwredip durka, gaty ses bilen şeýle diýdi: «Hawa, siz Meni hem tanaýarsyňyz, niredendigimi hem bilýärsiňiz. Emma Men Öz-Özümden gelemok, Meni Iberen hakdyr, siz Ony tanamaýarsyňyz. 29 Men Ony tanaýaryn, sebäbi Men Ondan gelendirin. Meni iberen Oldur». 30 Şondan soň Ony tutjak boldular, ýöne hiç kim Oňa el galdyrmady, sebäbi entek Onuň wagty dolmandy. 31 Barybir mähelläniň köpüsi Oňa iman edip: «Mesih gelende, şunuňkydan köp gudratly alamat görkezermi?» diýşip pyşyrdaşdy. 32 Fariseýler halkyň Isa hakyndaky bu pyşyrdylaryny eşitdiler. Onsoň ýolbaşçy ruhanylar bilen fariseýler Ony tutmak üçin garawullary iberdiler. 33 Isa: «Men ýene az salym siziň ýanyňyzda bolup, soňra Özümi Ibereniň ýanyna giderin. 34 Siz Meni gözlärsiňiz, ýöne tapmarsyňyz. Meniň barjak ýerime siz baryp bilmersiňiz» diýdi. 35 Onsoň ýahudylaryň baştutanlary biri-birine: «Bu Adam biz tapyp bilmez ýaly, nirä gitjekkä? Grekleriň arasyna dargap giden ýahudylaryň ýanyna gidip, greklere-de öwretjekmikä? 36 Munuň „Meni gözlärsiňiz, ýöne tapmarsyňyz, Meniň barjak ýerime siz baryp bilmersiňiz“ diýýäni nämekä?» diýişdiler. 37 Baýramyň soňky we iň esasy güni Isa ör turup, mähellä: «Suwsaýanlar Meniň ýanyma gelip, teşneligini gandyrsynlar. 38 Kim Maňa iman etse, Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, onuň içinden ýaşaýyş suwunyň bulaklary akar» diýip gygyrdy. 39 Ol muny Özüne iman edenleriň aljak Mukaddes Ruhy barada aýdýardy. Olara entek Mukaddes Ruh inmändi, sebäbi Isa entek şöhratlandyrylmandy. 40 Mähelläniň içinden käbirleri bu sözi eşidip: «Bu hakykatdan hem şol geljek pygamberdir» diýdiler. 41 Başgalary: «Bu Mesihdir» diýdiler, emma käbirleri: «Bolup bilmez! Mesih, heý-de, Jelileden gelermi? 42 Mukaddes Ýazgylarda: „Mesih Dawudyň neslinden, Dawudyň ýaşan Beýtullaham şäherinden geler“ diýip ýazylmanmy näme?» diýdiler. 43 Şeýlelikde, mähelläniň arasynda Isa barada agzalalyk döredi. 44 Olardan käbiri Ony tutmak isledi, ýöne hiç kim Oňa el degirmedi.
Ýahudylaryň baştutanlary Isa ynanmaýarlar
45 Ahyrsoňy ybadathana garawullary gaýdyp geldiler we ýolbaşçy ruhanylar bilen fariseýler olardan: «Näme üçin Ony getirmediňiz?» diýip soradylar. 46 Ybadathana garawullary: «Hiç kim hiç wagt bu Adamyň gepleýşi ýaly geplemändi» diýip jogap berdiler. 47 Fariseýler olara: «Siz hem aldandyňyzmy? 48 Ýolbaşçylardan ýa-da fariseýlerden, heý, Oňa iman eden barmy? 49 Ýokdur! Emma Töwrady bilmeýän bu nadan halk nälet astyndadyr!» diýdiler. 50 Şonda fariseýleriň arasyndan biri, ozal Isanyň ýanyna baran Nikodim olara: 51 «Kanunymyza görä bir adamy öňürti diňlemän, näme edenini bilmän, oňa höküm çykarmak dogrumydyr?» diýdi. 52 Olar: «Sen hem jelilelimi? Mukaddes Ýazgylara ser sal, Jelileden hiç wagt pygamber çykmajagyny görersiň» diýdiler.
53 Soňra hemmesi öýli-öýüne gaýtdy.