2‑nji bap
Isa ysmazy sagaldýar
(Matta 9:1-8; Luka 5:17-26)
1 Isa birnäçe günden soň Kapernauma gaýdyp gelende, Onuň öýdedigi baradaky habar ýaýrady. 2 Şonda ol ýere şeýle bir köp adam üýşdi welin, hatda gapynyň agzynda durmaga-da ýer ýokdy. Isa olara Hudaýyň Hoş Habaryny wagyz edýärdi. 3 Şol wagt dört adam bolup Onuň ýanyna bir ysmazy göterip getirdiler. 4 Adamlardan ýaňa hyryn-dykyn doludygy üçin, olar Isanyň ýanyna ýakynlaşyp bilmediler. Şonuň üçin olar Isanyň bolýan jaýynyň üçegini söküp, ysmazy düşegi bilen deşikden aşak salladylar. 5 Isa olaryň imanyny görüp, ysmaza: «Oglum, seniň günäleriň ötüldi» diýdi. 6-7 Ol ýerde oturan Töwrat mugallymlaryň käbiri içinden: «Bu adam näme üçin beýle gepleýär? Ol Hudaýa dil ýetirýär! Günäleri ýeke-täk Hudaýdan başga kim ötüp biler?» diýip oýlandy. 8 Isa dessine olaryň näme pikir edýändigini ruhunda syzyp: «Näme üçin göwnüňize beýle pikirler getirýärsiňiz? 9 Ysmaza haýsyny aýtmak aňsat: „Günäleriň ötüldi“ diýmekmi ýa-da: „Tur, düşegiňi al-da, ýöre“ diýmek? 10 Emma siz Ynsan Oglunyň ýer ýüzünde günäleri ötmäge-de ygtyýarynyň bardygyny bilip goýuň» diýdi. Onsoň Ol ysmaza: 11 «Saňa diýýärin, tur, düşegiňi al-da, öýüňe gaýt» diýdi. 12 Ol hem ýerinden turdy-da, dessine düşegini alyp, hemmeleriň gözüniň alnynda çykyp gitdi. Hemmeler haýran galdy. Olar: «Biz beýle zady asla görmändik» diýşip, Hudaýy şöhratlandyrdylar.
Isa Lewini çagyrýar
(Matta 9:9-13; Luka 5:27-32)
13 Isa ýene kölüň ýakasyna gitdi. Tutuş halaýyk Onuň ýanyna geldi, Ol hem olara öwretmäge başlady. 14 Isa ýoldan geçip barýarka, salgyt ýygnap oturan Alfeýiň ogly Lewini görüp, oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi. Ol hem turup, Onuň yzyna düşdi.
15 Ençeme salgytçylardyr günäkärler-de Isanyň yzyna eýerýärdiler. Bir gün Isa Lewiniň öýünde saçak başynda otyrka, olar hem gelip, Isa we Onuň şägirtleri bilen bile iýip-içdiler. 16 Fariseýler bolan Töwrat mugallymlary Isanyň günäkärler hem salgytçylar bilen nahar iýip oturanyny görenlerinde, Onuň şägirtlerinden: «Näme üçin Ol salgytçylardyr günäkärler bilen bile nahar iýýär?» diýip soradylar. 17 Isa muny eşidende, olara: «Lukman saglara däl-de, hassalara gerekdir. Men dogrulary däl-de, günäkärleri çagyrmaga geldim» diýdi.
Agyz beklemek barada sowal
(Matta 9:14-17; Luka 5:33-39)
18 Ýahýanyň şägirtleri we fariseýler agyz bekleýärdiler. Käbir adamlar gelip, Isadan: «Näme üçin Ýahýanyň we fariseýleriň şägirtleri agyz bekelýärler-de, seniň şägirtleriň bolsa agyz beklänok?» diýip sorady. 19 Isa olara: «Giýew ýanlaryndaka, heý-de, toýuň myhmanlary agyz beklärmi?! Ýok, giýew aralaryndaka, olar agyz bekläp bilmezler ahyryn. 20 Emma giýewiň olardan alynjak günleri geler, ine, şonda olar agyz beklärler. 21 Hiç kim köne eşige täze matadan ýama salmaz, ýogsam salnan ýama köne eşikden gopup, ýyrtyk ýeri has beter bolar. 22 Hiç kim täze şeraby köne meşiklere guýmaz. Ýogsa şerap meşikleri böwsüp, döküler, meşikler-de zaýalanar. Täze şerap täze meşiklere guýulýandyr» diýip jogap berdi.
Sabat güni barada sowal
(Matta 12:1-8; Luka 6:1-5)
23 Bir Sabat güni Isa bugdaýlygyň arasyndan geçip barýardy. Onuň şägirtleri ýolda barýarkalar, bugdaý başlaryny ýolmaga başladylar. 24 Fariseýler Isa: «Seret, näme üçin olar Sabat güni gadagan işi edýärler?» diýdiler. 25 ‡Isa olara: «Dawut bilen ýanyndakylar aç hem mätäç galanlarynda, siz Dawudyň näme edendigini asla okamadyňyzmy? 26 Ol baş ruhany Abiýataryň döwründe Hudaýyň öýüne girip, Hödür çöreklerini iýdi, ýanyndakylara hem berdi. Bu olar üçin gadagandy, diňe ruhanylara rugsat berlendi» diýip jogap berdi. 27 Soňra Isa olara: «Adam Sabat güni üçin däl-de, Sabat güni adam üçin ýaradyldy. 28 Şonuň üçin Ynsan Ogly hatda Sabat gününiň-de hökümdarydyr» diýdi.